Sagdyn durmuşyň aýrylmaz bölegi

23 Fewral 2024
538

Dogry iýmitlenmek — beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen, adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar.

Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Ogulnyýaz GYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň endokrinologiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory.