Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanylan üstünlikler BMG-niň Ženewadaky ofisinde tanyşdyryldy

22 Fewral 2024
301

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy «Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-nyň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy» atly maslahatlaşmada çykyş etdi.

Başlyk öz çykyşynda deňiz ulag pudagynda sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlyklaryny we onuň deňiz pudagyny ösdürmekdäki ähmiýetini, şeýle hem, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň»  durmuşa geçirilmegi barada belläp geçdi.