«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygy hem-de Ylymda zenanlaryň we gyzlaryň halkara güni mynasybetli «Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmekde zenan alymlaryň ylmy işleriniň ähmiýeti» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň uniwersitetleriniň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň zenan professor-mugallymlary, ylmy-barlag edaralarynyň alym zenanlary, «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.