Zyýanly endiklerden gaça duralyň!

13 Fewral 2024
512

Saglyk adamyň bahasyna ýetip bolmaýan baş baýlygydyr. Ony gorap saklamak her bir adamyň özüne baglydyr. Sagdyn adamdan sagdyn nesiller, olardan hem sagdyn jemgyýet döreýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesi kadaly iýmitlenmekden, zyýanly endiklerden gaça durmakdan, sport bilen meşgullanmakdan, wagtyňy peýdaly zatlara sarp etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmak, sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler halkymyzyň saglygyny goramak hem-de berkitmek babatda taýsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Aýgül GARAMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýüniň lukmany.