Soraň, jogap berýäris

10 Fewral 2024
831

Degişli hünärmenler bilen maslahatlaşmaly

«Men 44 ýaşymda. Boýun we döş oňurgam, aýak üstünde köp duranymda bolsa bil oňurgam hem güýçli agyrýar. Kellämde güýçli agyry bar, gan basyşym, pulsum pes. Gijelerine rahat uklap bilemok, köp basyrganýaryn, dişlerimi çalýaryn, işe ukybym, hereket etmäge islegim ýok. Üstesine, iýenim siňenok, içim ýellenýär, gataýar. Barlaglar mende B gepatitiniň, osteohondrozyň, protruziýanyň, inginiň, gaýmoritiň bardygyny, ýürekde we kelle beýnisinde ganaýlanyşyň peselendigini görkezdi. Bu keselleri bejertmek üçin maňa maslahat beriň».