«7/24. tm» № 06 (193), 05.02.2024
Ata-babalarymyzdan miras galan gadymy türkmen topragyny — eziz Watanymyzy goramak asuda zamanamyzyň milli terbiýesiniň hem esasy özenidir. Şol sebäpli hem merdana pederlerimiziň gözüniň göreji, başynyň täji hasaplap, jandan söýen Diýarynyň mukaddesligini saklamak, ony nesillere geçirmek ýaly asylly däpler hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlarda zähmete, edermenlige, gaýduwsyzlyga, sagdynlyga we ruhubelent Watan goragyna bolan yhlas-hyjuwy artdyrmak ýaly wezipelere hem aýratyn orun berýär. Bu günki günde türkmen ýaşlarynyň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan adaty we syýasy garaýşyny çuňlaşdyrmak, olaryň ruhy, beden kämilligini gazanmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu babatda amala aşyrylýan beýik işleri hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminiň dürdäne sahypalarynda beýan edilýän wakalary okanymyzda hem aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Bu kitap ýurdumyzyň ähli ýaşlary bilen birlikde, ýaş Watan goragçylaryna hem nusgalyk mekdep we ýol görkeziji gymmatly gollanmadyr.