RŽD Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär

1 Fewral 2024
425

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habar berýär. Habarda bellenilişine görä, RŽD-niň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň dowamynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikde taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gyzylarbatdaky awtoulag abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek we ýeke-täk logistika operatory döretmek meselesi boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin, Russiýanyň demirýol edarasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak, Arkadag we Aşgabat şäherlerini birleşdirjek Türkmenistanda ilkinji elektrik otlynyň gatnawyny ýola goýmak ýaly meselelere garadylar.