“Herekete - bereket” – sagdynlygyň şygary

18 Ýanwar 2024
661

Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdirler. Bu ýol-ýörelge bolup, halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornap galypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, ilatyň saglygyny goramak boýunça başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýär.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de bu ýol-ýörelge döwrebap dowamat-dowamyny saklap gelýär. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, anyklaýyş merkezleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Güljan DURDYÝEWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy