Hoz

16 Ýanwar 2024
477

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dürli dermanlyk ösümlikleri we olaryň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şolaryň arasynda gadymy hem uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna degişli bolan, ýokary derejede dermanlyk we azyklyk häsiýetli hoz agajy hem-de onuň dermanlyk häsiýeti barada hem durlup geçilýär.

Ýurdumyzda gadym döwürlerden bäri ýetişdirilip gelinýän hozuň peýdaly iýmitdigini halkymyz ir döwürlerden bäri bilýär. Hoz maňzyny paslynda ulanmagyň esasy zerurlygy onuň adam bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirýändigi bilen baglydyr. Şeýle hem bolsa, onuň düzüminde köp mukdarda ýagyň bardygy üçin, günüň dowamynda 5-10 hozdan köp iýmek maslahat berilmeýär.

Gaýyp ROZYÝEW,
Ahal welaýat ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň lukmany.