Wagyz-nesihat dusuşygy geçirildi

10 Ýanwar 2024
1385

Halaç etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagy bilen etrabyň iri edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen mowzukda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Oňa sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren we Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti üçin döwlet sylaglaryna eýe bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny has-da beýgeltmek, maşgala abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneleriň hem-de ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň maşgala abadançylygyny goramakda, öý-ojagy abat saklamakda, ýaş nesli mynasyp terbiýelemekde zenan maşgalalara aýratyn möhüm ornuň degişlidigi barada eden söhbedi duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen maşgalalaryny bolelin we agzybir durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ak ýürekden alkyş aýtdylar.

Jeren TAGANOWA,
Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň müdiri,  ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.