Şu gün 46-njy Dakar Rallisine badalga berler

5 Ýanwar 2024
544

Şu gün 46-njy gezek geçiriljek Dakar Rallisine badalga berler. 5-nji gezek Saud Arabystanynyň çäginde geçirilýän ýaryşyň synag tapgyry şu gün guralar we ertirden başlap, resmi bäsleşikler ýola goýlar. Ýaryş ýurduň Al-U’la gadymy şäherinden badalga alar we 19-njy ýanwarda Ýanbu şäherinde tamamlanar. 400-den gowrak sürüjiniň gatnaşýan ýaryşy jemi 12 tapgyrdan ybarat bolar. 13-nji ýanwar sürüjileriň dynç güni bolup, olar tapgyrlaryň arasyndaky aralyklary hasaba alanyňda, umumylykda 7 müň 891 kilometrlik ýol geçerler. Ýöne onuň 4 müň 727-si ýaryşa degişli bolup, bu ýyl Dakar Rallisiniň maksatnamasyna 2 günlük marafon bäsleşigi hem girizildi. Sürüjiler umumylykda ulaglaryň 8 görnüşi (motosikl, ýeňil ulaglar, ýük ulaglary, kwadrasikl, T3, SSV, nusgawy ýeňil ulaglar, nusgawy ýük ulaglary) boýunça bäsleşerler. Dakar Rallisinde şu wagta çenli iň köp fransiýaly Stefen Piterhansel ýeňiş gazanyp, ol ýeňil ulag görnüşinde 8, motosikl bilenem 6, jemi 14 gezek çempion boldy.