«Gara daşdan gara gyly saýlan göz...»

31 Dekabr 2023
610

Ýurdumyzyň lukmanlarynyň we alymlarynyň öňünde goýýan wajyp meseleleriniň biri häzirki zaman innowasion usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak we ýaş lukmanlardan tejribeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Oftalmologiýa ulgamynyň ösüşinde halkara gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagynda döredilýän şertler göz kesellerini döwrebap bejermekde baý tejribe toplamaga ýardam berýär.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň binýadynda göz keselleri kafedrasynyň professor-mugallymlary oftalmologiýa ugry boýunça hünär tejribesini geçýän lukmanlara usuly we amaly kömek bermek bilen, esasan-da, ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň kämilleşmesine ýardam berýärler.

Annagurban Öwezow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň lazer bölüminiň ylmy işgäri.