Saglyk — bahasyz baýlyk

30 Dekabr 2023
647

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýlup, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda ägirt uly işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Bu ulgamy öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur bolan döwrebap şertler döredilýär.

Gysga döwürde paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda saglygy goraýyş we dikeldiş merkezleriniň köp sanlysy gurlup, olarda ilata ýokary derejede hyzmat edilýär. Tamamlanyp barýan şanly ýylda paýtagtymyzda birbada üç sany döwrebap lukmançylyk edarasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň binalar toplumlarynyň düýbi tutuldy, häzirki wagtda bu gurluşyklaryň depginli dowam etdirilýändigi hem guwandyryjydyr.

Gurbanguly GAROWOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň assistenti.