Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen 20-nji FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynda Angliýanyň «Mançester Siti» topary çempionlyk gazandy. Şa Abdullah stadionynda geçirilen finalda polşaly Simon Marçiniak jürlewük çaldy. Duşuşyga 52 müňden gowrak janköýer tomaşa etdi.
Finalda Braziliýanyň «Fluminense» topary bilen duşuşan «Mançester Siti» garşydaşyny 4–0 hasabynda ýeňdi. Eýýäm 1-nji minut dolmanka hasaby açan «Mançester Siti» toparynyň gollaryny Hulian Alwares (1, 88), Nino (27, ö.d.) hem-de Fil Foden (72) geçirdi. Şunlukda, «Mançester Siti» taryhynda ilkinji gezek bu kubogy eýeläp, şäherliler FIFA-nyň bu ýaryşynda çempionlyk gazanan 4-nji iňlis kluby hökmünde hasaba alyndy. Umumylykda 12-nji klub bolan «Mançester Sitiniň» tälimçisi Pep Guardiola 4-nji gezek bu kubogy eýeledi. Ispaniýaly hünärmen bu kubogy 3 dürli klub («Barselona» – 2009, 2011, «Bawariýa» 2013) bilen alan ilkinji tälimçi boldy. Pep Guardiola karýerasyndaky 37-nji kubogyny gazanyp, bu ugurda Ser Aleks Fergusondan soň 2-nji ýerde barýar.