«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binalar toplumy 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlipdi. Şondan bäri geçen üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ýerde ýurdumyzyň sport abraýyny belent basgançaklara çykarjak milli türgenlerimizi taýýarlamakda önjeýli işler durmuşa geçirildi. Ýakynda biz bu fakultetiň binasynda bolup, Mediki-biologiki üpjünçilik kafedrasynyň mugallymy Begenç Garaýew bilen söhbetdeş bolduk.