Saglygymyz özümize bagly

27 Dekabr 2023
862

Uzak garaşylýan baýramçylyklaryň biri bolan Täze ýyl adamlara baýramçylyk keýpini peşgeş berýär, her bir maşgalanyň öý-ojagyndaky şatlygyň, bagtyň, rowaçlyklaryň goşalanjakdygyna ynam döredýär. Ildeşlerimiz şu günler Täze ýyly mynasyp garşylamagyň aladasy bilen ýaşaýar, öýüňi, saçagyňy bezemek, baýramçylyk dabarasynyň şagalaňyny artdyrýan çäreleri guramak, birek-birege sowgat bermek barada alada edilýär. Üýtgeşik bir tagam bişirip, saçaga äbermek bilen ýakyn adamlaryna, myhmanlara özüniň hoşniýetli garaýşyny bildirmek pikiri bolsa her bir öý bikesiniň arzuwy. Bezeg işlerinden soň her kim mal ýa-da guş etini, balyk, süýt-gatyk, gök we bakja önümlerini, miwedir ir-iýmiş satyn almak üçin dükana, bazara barýar. Eti, balygy öňünden satyn alyp, sowadyjyda saklap bolýar. Tiz zaýalanýan önümleri (gaýmak we beýleki süýt önümleri, ter gök otlar, miweler) bolsa 2 — 3 gün öňünden, torty baýramçylyk güni satyn almaly. Olary beýleki önümlerden aýratyn saklamaly.

Azyk önümleri satyn alnanda olaryň saklanyş möhletine hökman seretmeli. Wagty geçen önümler arterial gan basyşynyň ýokarlanmagyna, bagyrdyr ýürekde näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Gastroezofageal reflýuks keselinden ejir çekýän näsaglar baýramçylyk saçagynyň başyna geçmezden 1 sagat öň ýarym stakan mineral suwy biraz gyzdyryp içmeli we iýmit zäherlenmesinden ägä bolmaly.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.