Saglyk — baş baýlyk

24 Dekabr 2023
710

Ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde ýetilen sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ulgamda durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň netijesinde hil babatda halkara kadalaryna laýyk gelýän ösüşleriň ak ýoluna düşen milli saglygy goraýyş ulgamynyň berk binýady döredildi. Bu bolsa halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmaga, dürli keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler, ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary döredildi. Öňdebaryjy tejribeleri, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, bu ulgamlar dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyndan», şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatymyzdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sagdyn durmuş kadalaryny işjeňleşdirmek babatynda ýurdumyzda zerur şertler döredildi.

Şyblanberdi Kakaýew,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy işgäri.