Magtymgulynyň keşbini nähili döretdim?

21 Dekabr 2023
896

Redaksiýadan: türkmeniň şygyr bilen gürlän danasy Magtymguly Pyragynyň keşbiniň döredilişi biziň her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Söz ussadynyň keşbini janlandyrmakda ilkinji hem şowly synanyşyk edenleriň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewdir. Onuň döreden keşbi häli-häzire çenli beýik şahyra bagyşlanan nakgaşlyk hem grafika, heýkeltaraşlyk eserlerine esas bolup gelýär. Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlyk görülýän günlerde halypa suratkeşiň «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan») gazetiniň 1956-njy ýylyň 6-njy aprelindäki 12-nji sanynda çap edilen «Magtymgulynyň keşbini nähili döretdim?» atly makalasyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Beýik alym şahyr Magtymgulynyň keşbini döretmek hakynda 1945-nji ýylda yglan edilen bäsleşik meni çuňňur pikirlenmäge mejbur etdi. Beýik akyldaryň keşbini döretmeli — bu, gör, nähili kyn we jogapkärli mesele. Türkmen halky öz söýgüli şahyryny nähiliräkdir öýdüp göz öňüne getirýärkä? Men bu sowala jogap tapman, köp gezdim, galamdaş ýoldaşlarymdan maslahat soradym, oba adamlary bilen gürrüňleşdim we ahyr soňunda Garrygala (häzirki Magtymguly etraby — red.) we Etrek sebitlerine gidip, alym şahyryň kowum-garyndaşlary bilen, ýaşulular bilen içgin pikir alyşdym. Emma Magtymgulynyň keşbini heniz-de dogry we doly çözüp bilmeýändigime ynanýardym. Şonuň üçin men onuň eserlerini okamaga girişdim, akyldar şahyryň dürdäne setirlerini döwnäp-döwnäp gaýtaladym. Bu eserlerini okanyňda, şahyr edermen we watansöýüji ruhda göz öňüne gelýär. Şunlukda, meniň ussahanamda şahyryň keşbiniň köp görnüşi peýda boldy. Emma entek olaryň hiç biri-de meniň göwnümden turmaýardy.

Aýhan HAJYÝEW,
Türkmenistanyň halk suratkeşi.