Saglygyň baş şerti

20 Dekabr 2023
620

Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär.

Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply, täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz düzgünleri bar. Esasy düzgünleriň biri-de kabul edilýän iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Sagdyn iýmit boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýeniňizde howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli-dürli iýmitler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Şeýle hem aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly, ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap iýmeli, ýumurtgany hem aşa köp iýmeli däldir. Nahar iýlenden soň, arassa howada, ylaýta-da, agşamlyk gezelenç etmeli. Çaýy bolsa nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli. Krahmala baý bolan iýmitler, ösümlik we mal ýaglary hem bedene kuwwat berýär. Bedeniň ösmegi we kemala gelmegi üçin möhüm iýmitler beloga baý bolýar. Witaminlere baý bolan iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde bedeniň dogry ösmegi üçin kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar hem bar. Eger-de witaminler we minerallar doly derejede bedene barmasa, onda dürli keseller ýüze çykyp bilýär. Köpimiz duzy gereginden artyk peýdalanýarys. Umuman, duzy gereginden artyk ulanmajak bolmaly. Iýýän iýmitlerimiz bizi ýaşamagymyz üçin hökmany bolan energiýa bilen üpjün edýär. Biz energiýany iýilýän iýmit hökmünde alýarys we ony fiziki işjeňlik ýoly bilen ulanýarys. Eger ulanýanymyzdan köp energiýa kabul edýän bolsak, onda biziň agramymyz artyp ugraýar. Şonuň üçin köp hereketde bolmalydyr, sebäbi köp hereket köp energiýadyr. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyna üns berilmelidir. Bişirilmedik önümleri taýýar edilen iýmitlerden aýry goýmaly, azyk önümlerini salkyn ýerde saklamaly. Azyk önümlerini saýlap alanyňyzda, hil taýdan arassalygyna, terligine üns bermeli. Sagdyn iýmitlenmek düzgünlerini berjaý ediň! Sagdyn boluň! Sagdynlyk — bagtyň açary!

Döwletmyrat BÄŞIMOW,
Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň kabul ediş we maslahat beriş bölüminiň lukmany.