Medeni gymmatlyklaryň ojagy

20 Dekabr 2023
683

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatda, medeniýetde amala aşyrýan iri taslamalary, öňe sürýän teklipleri, gazanýan üstünlikleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolan Türkmenistan häzirki wagtda ýene-de beýik ösüşler, umumadamzat ähmiýetli işler bilen jahana ýaň salýar. Ynha golaýda, has takygy, geçen şenbe güni Änew şäheriniň geljek ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen dabarada hem bular babatda täsirli gürrüňler edildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüt kabul edilipdi.

Türkmenleriň dünýäde iň bir gadymy halklaryň biri bolandygyny we häzirki Türkmenistanyň çäklerinde müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşandyklaryny hem-de bu topragy adamzat siwilizasiýasynyň kemala geliş merkezleriniň birine öwürendigini taryhyň özi ýalana çykaryp bolmaýan tapyndylaryň, antropologik maglumatlaryň, ylmy çeşmeleriň üsti bilen subut edýär. Türkmenleriň dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan halkdygyna göz ýetireniňde bolsa öz Watanyňa, pederleriňe, şu günki beýik ösüşlere bolan buýsanjyň, guwanjyň artýar. Çünki bu ýerde gürrüň diňe bir öz taryhymyzy öwrenmek hakda bolman, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň taryhy hem yzarlanýar. Dünýäde juda irki, iň bir gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini döredenleriň hem biziň ata-babalarymyzdygyny dünýä taryhy subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň çäginde tapylýan her bir taryhy gymmatlygyň özi halkymyzyň medeniýetiniň köküniň gadymylygyny we ýokary derejede ösenligini aýdyň görkezýär. Elbetde, munuň özi ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni hem özüne çekýär. Mundan ýüz ýyldan gowrak öň amerikan arheolog-alymy Rafael Pampelli hem Änewde gazuw-agtaryş işlerini geçirende ýaşy 5 müň ýyldan geçýän bugdaý dänelerini hem hut türkmen topragyndan tapypdy. Bu taryhy maglumatyň özi gadymy binagärligiň ösen ýeri bolan türkmen topragynda ekerançylyk medeniýetiniň hem hut şu ýerde dörändigini aňladýar. Häzirki wagtda Änew şäheri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen uly ösüşlere eýe bolýar. Şäherde täze medeni-durmuş maksatly binalar, gurulýan ýollar özüniň ajaýyp binagärligi, döwrebaplygy, ýokary tehnologiýalary bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Aşyr KAKAÝEW,
«Aşgabat».