«Södümeni aýdyberseň ençedir...»

20 Dekabr 2023
766

Bagtyýar zamanamyzda milli medeniýetimiz, sungatymyz we mirasymyz barha ösýär, dünýä ýaýylýar. Gadymdan gelýän aýdymlarymyz bu günki gün milli medeniýetimizi şöhlelendirýän aýratynlyk bolup durýar. Södümen aýdymlary hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli aýratynlygy bolup, olar dabaraly toýlarymyzyň bezegidir. Bu aýdymlar halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, häzirki wagtda milletiň taryhy-medeni köklerini, däp-dessurlaryny sazlaşdyrýar we ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Biz södümen aýdymlaryny ene-mamalarymyzdan öwrenip, şu günlerde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän zenanlarymyzyň biri, Kerki etrabynyň Hatap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Arzygül Jumageldiýewa bilen söhbetdeş bolduk.

― Arzygül gelneje, mälim bolşy ýaly, milli gymmatlyklarymyzy dikeldip, gorap, olary geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiziň esasy borjumyz bolup durýar. Bu babatda siz öz toparyňyz bilen nähili işleri alyp barýarsyňyz?

Söhbetdeş bolan Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.