Ýiti respirator keselinden goranmagyň usullary

20 Dekabr 2023
521

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerinden goranmak we olaryň öňüni almak üçin her bir adam özüni pasla görä taýýarlamaly. Ýiti respirator keselleri näsag adamdan sagdyn adama asgyranda, üsgürende, gürleşende howa damja ýollary bilen geçýär. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk immun ulgamy ýokary bolsa, bedeniň özi wirusa garşy göreşip bilýär. Ol ulgam gowşak bolanda wirus ýokuşan gününden başlap, birnäçe wagt geçenden soňra, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi, burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kähalatlarda keseli özbaşdak bejermek bilen meşgullanyp, dürli antibakterial dermanlary içmek keseliň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan lukman bilen maslahatlaşyp, wirusa garşy derman serişdelerini içmeli. Bu bolsa bedene ikinji bakteriýalaryň ýokuşmazlygynyň, ýagny gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edýär. Wirusyň zyýanly täsirini aýyrmak üçin bedeni derlediji derman otlaryndan hem-de dürli miwelerden taýýarlanan melhemleri, şireleri içmek maslahat berilýär. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin witamin В, D toparyna we C witamine baý bolan iýmitleri iýmeli. Gyş aýlary Gün şöhlesiniň ýitiliginiň peselmegi, howanyň üýtgäp durmagy adam bedeninde bar bolan dowamly keselleriň möwjemegine sebäp bolýar. Bedeni berkitmek üçin 10 — 15 minutlyk irki beden maşklaryny ýerine ýetirmek, köpräk şowhunly gepleşiklere we ajaýyp zatlara tomaşa etmek saglygyňyzy berkider. Şeýle-de ýokanç kesellerden goranmak üçin türkmen topragynda bitýän sarymsak örän peýdalydyr, ýagny sarymsagyň düzümindäki fitonsidler wirusa täsir edip, işjeňligini peseldýär.

Wepa Iljanow,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň uly ylmy işgäri.