Türki dünýäniň medeni paýtagty

19 Dekabr 2023
835

Ahal ýaýlasynyň gadymy mekany bolan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyz üçin buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Nesip bolsa, bu dereje geljek ýylda has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan şäheriň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmekde, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini wagyz etmekde ähmiýetli waka bolar. Türkmenistanyň Änew şäherine 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini bermek baradaky degişli karar Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilipdi.

Mälim bolşy ýaly, Bursa şäheri 2022-nji ýylda bu derejä eýe bolupdy. Ine, 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen «Şuşa — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023»-iň ýapylyş dabarasynyň çäginde türkmenistanly wekillere TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň utgaşdyryjysy wezipesi hem-de «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany gowşuryldy. 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýar. Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guramak bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».