Baş baýlygymyz

18 Dekabr 2023
778

Garaşsyzlygyň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýan türkmen halky bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler rowaçlyga beslenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz üns-aladalary, hormatly Prezidentimiziň belent tagallalary esasynda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy agzybir halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolup, ýurdumyzyň güýç-kuwwatyny we ägirt uly mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär etdi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde adamlaryň durmuş eşretleriniň hözirini görüp ýaşamagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, döwrebap maksatly desgalaryň ençemesi halkymyza hyzmat edýär.

Gadam SERDAROW,
Aşgabat şäherindäki Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň III hirurgiýa bölüminiň müdiri.