Ýaş estradaçylaryň sungat baýramy

18 Dekabr 2023
626

15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylar gatnaşdylar.

"Nesil".