Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

15 Dekabr 2023
520

14-15-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralan XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumy guramak baradaky ylalaşyk şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda Milli Liderimiziň öňe süren teklibine laýyklykda gazanyldy. Bu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

«Nesil».