Parahatlyk — ýürek aýdymy

14 Dekabr 2023
557

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar. Ýaşaýşyň süýjüligi parahatçylykda» diýen jümleleri tutuş halkyň, adamzadyň sesi bolup ýüreklerden orun alýar. häzirki zaman türkmen saz sungatynyň ussatlarynyň döredijiligine nazar aýlanyňda-da, parahat durmuşa söýginiň owadan owazlara öwrülip ýyllar içre ýaşap gelýändigine göz ýetirýärsiň.

Parahat durmuşyň waspyna ýugrulan saz eserleri Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewiň döredijiliginde mynasyp orun eýeleýär. Kompozitoryň dürli döwürlerde B.Kerbabaýew, G.Burunow, R.Seýidow, B.Japarow, K.Gurbannepesow, M.Myşşyýew, D.Agamämmedow, R.Alyýew ýaly çeper sözüň ägirtleri bilen döredijilik gatnaşygyny saklamagy netijesinde «Gurban Durdy», «Türkmenistan», «Gülle, mähriban Türkmenistan!», «Bagt», «Jahany goraň», «Watan», «Asudalyk esgeri», «Serhetçiler», «Illerim bar owadan», «Enäniň sesi», «Älemiň goragynda», «Dünýä — parahatçylyk», «Parahatçylygy goraň», «Ak kepderim», «Dostluk» ýaly aýdymlary bize ýadygärlik galypdyr. B.Kerbabaýewiň «Aýlar» poemasynyň esasynda ýazan «Abadan» operasy A.Kulyýewiň döredijiliginde aýratyn orna eýedir. Ol türkmen kompozitorçylyk mekdebinde Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan ilkinji operadygy bilen-de milli saz sungatymyzda bellidir. Kompozitor bu tema bagyşlap «Hoşlaşyk aýdymy», «Watan üçin», «Partizan aýdymy», «Men ýaş watançy» ýaly ajaýyp aýdymlaryň hem uly toplumyny döredýär.

Oguldursun AMANGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.