Türkmenabatly aýdymçy «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada dalaşgär

13 Dekabr 2023
642

Türkmenabatly aýdymçy Farhat Öräýew «Ýylyň parlak ýyldyzy ― 2023» bäsleşiginde iň köp SMS habarnamasy gelen 10 aýdymçynyň arasyna goşulmagy başardy. Indi ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu adyň eýesi bolmak üçin bäsleşer.

Lebaply aýdymçydan başga-da, bu at ugrunda aýdymçylar Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa we Ýegenmyrat Ýegenow dagy göreşer.