Nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

8 Dekabr 2023
575

Şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» ady bilen dünýäniň nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçirilýär. 12-nji dekabra çenli dowam etjek hepdeligiň maksady halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoluny galkyndyrmakdan, täze eserleri sahnalaşdyrmak arkaly, milli teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmakdan, belli dramaturglaryň, nusgawy şahyr-ýazyjylaryň drama eserleri bilen teatr muşdaklaryny ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Nusgawy sahna eserleriniň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda ispan dramaturgy K.Goldoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», rus ýazyjysy A.Wolodiniň «Hoşlaşasym gelenok», özbek dramaturgy S.Ahmediň «Gelinler», şeýle hem özbek ýazyjysy E.Hojanyň «Giýewleriň bäsleşigi» ýaly gyzykly oýunlary tomaşaçylara hödürlenilýär. Bu teatrda hepdeligiň dowamynda belli şahyr, dramaturg Ahmet Gurbannepesowyň Magtymguly Pyragynyň belentden wasp eden gadymy hindi topragynda iki ýaş juwanyň arasyndaky päk söýginiň we wepalylygyň dessany bolan «Hindi rowaýaty» atly sahna oýny hem görkeziler. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry bolsa fransuz dramaturgy K.Moneniň «Oskar», tatar dramaturgy Z.Zaýnulliniň «Alty gelin», başgyrt dramaturgy M.Keriminiň «Akýigit we Zümerret», özbek dramaturgy S.Ahmediň «Gyzyl alma», gyrgyz ýazyjysy hem dramaturgy Ç.Aýtmatowyň «Ak gämi», «Elwan ýaglykly serwim», tatar dramaturgy T.Minnuliniň «Hüwdi» atly sahna oýunlaryny teatr muşdaklaryna ýetirer.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň müdiri.