Sungata sarpaly serkerde

7 Dekabr 2023
687

«Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeýi döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary barada maglumatlary ýygnamak, olary synpdan daşary, ülkäni öwreniş sapaklary geçirilende giňden peýdalanmak zerurdyr» diýmek bilen, Milli Liderimiz ýurdumyzda muzeýleriň sanynyň barha artmagyna uly badalga berdi. Şeýle taýsyz tagallalaryň netijesinde, birnäçe orden-medallaryň eýesi, ilkinji serkerde bolan obadaşymyz Agaly Ysmaýylowyň Watan üçin, halkyň eşretli ýaşaýşy üçin janyny gaýgyrman bitiren hyzmatlary hakyndaky maglumatlary toplap, okyjylara ýetirmegi makul bildik.

XX asyryň başlarynda kowçum-kowçum bolup oturan türkmen halky gün-güzeranyny ýekebaralaýyn hojalyk işleri bilen dolandyrýardy. Murgap etrabynyň öňki Soltanýaz obasynda (häzirki Türkmenistan daýhan birleşigi) hem şeýledi. Obalylar irden sygyrlaryny sürä goşardylar. Agaly hem özi ýaly birki sany oglanjyk bilen sygyrlary örä bakmaga äkiderdi. Ol hiç haçan tüýdügini ýanyndan aýyrmazdy. Onuň tüýdüginiň näzik owazy gözel tebigat bilen sazlaşyp ýaňlanyp başlardy. Günler şeýdip biri-birine sepleşip geçip durdy.

Döwletmyrat AKMYRADOW,
Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.