Aýdym-sazyň piri

7 Dekabr 2023
780

Lebap welaýatynda ärsary ýoly türkmen bagşyçylyk sungatynyň özboluşly ugry bolup durýar... Aýtmaklaryna görä, baryp birnäçe asyr mundan öň bu ýerlerde bagşyçylygyň özboluşly ugry giňden ýaýrapdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyna bagyşlanan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ýazýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kitabynda «ärsary ýolunyň meşhur wekili» diýmek bilen, Myrat bagşy pir barada ýene şeýle belleýär: «Halk arasynda ol aýdym-sazyň ruhy hemaýatkäri Myratberdi pir ady bilen bellidir. Halk Myrat bagşynyň jaýlanan ýerinde, oňa aýratyn hormat goýup, kümmet galdyrypdyr. Şondan bärem keramatly ýeriň golaýyndan geçip barýan bagşylar, sazandalar oňa: «Eý, meniň hemaýatkärim, Myrat bagşy!» diýip ýüzlenýärler. Indi birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ärsary ýolunyň düýbüni tutan uly ussada hormat goýup, bu ýere bagşy-sazandalar zyýarata gelýärler».

Hormatly Arkadagymyzyň öz kitabynda Myrat bagşy pir barada ýatlamagy juda ähmiýetlidir. Sebäbi munuň özi milli aýdym-saz sungatymyzyň gaýtalanmajak ussady barada söhbet açmak isleýänleriň her biri üçin ynamdar hem örän gymmatly çeşmedir, milli sungatymyzy, medeniýetimizi, hatda bütinleý taryhymyzy düýpli öwrenmegiň bir çelgisidir. Bu uly bagşy baradaky anyk maglumatlaryň juda azdygyny göz öňünde tutanyňda, türkmen halkynyň milli Lideriniň sözüniň gymmatyna ýene has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Akmyrat Hojanyýaz