Lukmançylygyň ensiklopediýasy

7 Dekabr 2023
590

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХV jildi saglygy goraýyş işgärlerine gymmatly gollanmadyr.

Kitapda mukaddes türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň adam saglygyna peýdasy, olaryň haýsy wagtda ýygnalmalydygy, ony nähili ýagdaýda guratmalydygy hakynda ylmy maglumatlaryň üsti bilen elipbiý tertibinde beýan edilýär. Şeýle hem kitapda dermanlyk ösümlikler barada halk döredijiligi bolan rowaýatlardan, nakyllardan, atalar sözlerinden mysallar getirilýär.

Amangözel GURBANDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň usulçysy.