Çagalaryň sungat ojagy

7 Dekabr 2023
705

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi mekdepden daşary bilim-terbiýeçilik edaralarynyň düzümine degişli döwlet bilim edarasydyr.

Onuň okuw binasy 480 okuwçy üçin niýetlenen. Mekdebiň okuw binasynda okuwçy ýaşlaryň we çagalaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilen. Kämil we döwrebap saz gurallar toplumy bilen enjamlaşdyrylan bu ýerde okuw-usulyýet işlerini we mekdepden daşary bilim edarasynda ýola goýulýan çäreleri talabalaýyk alyp barmak üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulan.

Allaýar MELEJÄÝEW,
Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.