«Görer gözüň gymmaty...»

7 Dekabr 2023
452

Magtymguly atamyzyň «Är ýanynda bellidir» atly goşgusyndan alnan şu setiriň üsti bilen okyjylarymyz nusgawy şahyrymyzyň nygtamakçy bolýan oý-pikirine düşünen bolsalar gerek. Hawa, gürrüň hut onki synamyzyň biri bolan göz hakynda barýar. Göz bedeniň iň işjeň hem-de näzik agzasydyr. Şuňa görä, gözümiziň adam ömrüniň bütin dowamynda öz işjeňligini ýitirmezligi üçin biziň her birimiziň alada etmegimiz gerek.

Munuň üçin ilki bilen, gözümize howp salýan ýagdaýlar barada bilmelidiris. Şeýle howply ýagdaýlaryň biri şowakörlükdir. Şowakörlük — iň köp ýaýran keselleriň biri. Oňa ýunança «miopiýa» diýilýär. Ol şowakör adamyň gowy görmek üçin gözlerini süzüp seredýändiginden ugur alnyp, «süzmek» diýen manyny berýär.

Kasymjan REÝIMOW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň 2-nji oftalmologiýa bölüminiň müdiri, ýokary derejeli oftalmolog.