Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!

6 Dekabr 2023
632

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar. 

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».