Altyn elli ussa

5 Dekabr 2023
599

Baýramaly etrabynyň Murgap geňeşliginde ýaşaýan, 60 ýaşyny tegeläp ugran, degişli bäsleşikde kärdeşlerinden mese-mälim tapawutlanyp, «Çeper halk döredijiliginiň ussasy» diýen hormatly ada eýe bolan Bäşim Welläýew ömrüniň agramly bölegini dutar senetçiligine bagyş edip, bagşy-sazandalary begendirip gelýär. Şonuň üçin Bäşim aganyň ýasan dutarlary häzirki döwürde diňe ady agzalan etrapda ýa-da sebitde däl, eýsem, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, tutumly toýlarda bilbil bolup saýraýarlar.

Piri güýçli senedi ýasamakda kemsiz adygyp, halypalyk derejä ýeten ussa, kesp-kärini öz zehinli ogly, ömrüni dutar senetçiligine bagyş etmegi ýüregine düwen Arslan Welläýewe-de öwretdi. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe senetçilige, aýratynam, dutar senetçiligine berilýän ünse guwanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyz hormatly Prezidentimizi çäksiz alkyşlaýarlar. hoş owazly, ajaýyp dutarlary bilen il-günümizi buýsandyrýan Bäşim aganyň we onuň perzendi Arslan ussanyň çekýän päk zähmetini, bilbil deý saýradylýan dutarlaryny görüp, dutarçy ussa we dutar ýasamak senetçiligi baradaky pikirlerimi şahyrana setirlere geçirdim.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW.