Saz dünýäsiniň «Ýedi göwheri»

5 Dekabr 2023
666

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklar hem barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 3 — 6-njy noýabry günlerinde Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde geçirilen türki halklaryň häzirki zaman kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen «Ýedi göwher» atly halkara konsert ýene bir ýola görkezdi.

Konsertiň ady Gündogaryň nusgawy şahyry Nyzamy Genjewiniň «Ýedi gözel» poemasynyň esasynda azerbaýjan kompozitory Gara Garaýewiň döreden baleti boýunça atlandyrylypdyr. Konsertde türki döwletlerden ýedi kompozitoryň sazlary ýerine ýetirildi. Bellemeli zatlaryň ýene-de biri, eserleri ýerine ýetiren sazandalaryň hem, saz gurallarynyň hem (fleýta, klarnet, fortepiano, arfa, skripka, alt, wiolençel) sanynyň 7 bolmagydyr. Konsertde biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň «Uzuklar» atly simfonik toplumyndan «Näzigiň lälesi» atly bölüm ýerine ýetirildi. Ýokary derejede geçirilen konserte kompozitoryň özi hem gatnaşdy.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».