Süýji buýanyň peýdasy

28 Noýabr 2023
667

Halk lukmançylygynda dermanlyk ösümlikleri hemişe giňden peýdalanylypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda süýji buýanyň biologik häsiýetleri, geografik ýaýraýşy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Gündogar Aziýa ýurtlarynda ulanylyp gelinýän iň gadymy dermanlyk ösümlikleriniň biri bolan süýji buýany (Glycyrrhiza glabra) Günorta Mesopotamiýanyň (häzirki Yrak) gadymy ilaty «janlandyryjy ösümlik» diýip atlandyrypdyrlar. Alymlar Dioskorid we Teofrast buýan köküni üsgülewükde we ýokary dem alyş ýollaryny bejermekde ulanypdyrlar. Ibn Sina bolsa buýan köküni köpsanly keselleri bejermekde maslahat beripdir. Hytaý lukmançylygynda ol ähli derman serişdeleriniň 70 göteriminiň düzümine girýär.

Aýnabat KERIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.