Timar berseň saçlaryňa...

25 Noýabr 2023
760

Şamar saçlar gyz-gelinlere aýratyn gelşik berýär. Bu tebigy gözellik her bir ynsany özüne bendi edýär. Toparlanyşyp gelýän talyp gyzlaryň arasyndan şar gara saçlary dyzyna ýetip duran gyzlary görenimizde, birsalym aýak çekenimizi duýman galýarys. Bugdaý sümmüli deý goşalanyp örülen saçlar islendik ynsanyň ünsüni özüne çekýär. Gyz perzendi edep-ekramy, asylly häsiýeti, mylaýymlygy bilen birlikde, şamar saçlar hem has-da göze gelüwli görkezýär.

Ene hökmünde-de, mugallym hökmünde-de ýaş gyzlaryň saçlaryna timar berişlerine aýratyn üns berýärin. Saçlaryňa timar bermek babatda enemden, mamamdan öwrenenlerimi gyz agtyklaryma, talyp gyzlara öwredýärin. Ene-mamalarymyz: «Gyz gowusy säher turup saçyn darar, gyz gendesi öýleden soň darak sorar» diýerdiler. «Saçyň öňüni göni açmak ýoluň açylmagydyr», kybla garap üç gezek:

Ýüpekgül ÖRÄÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.