Saglyk — rowaçlygyň binýady

23 Noýabr 2023
585

Gojaman Köpetdagyň eteginde, ekologik taýdan arassa sebitde ýerleşýän gözel paýtagtymyz dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri hökmünde tanalýar. Dag eteginde ýaşamak, onuň arassa howasyndan dem almak ynsan saglygy üçin örän peýdaly. Saýaly we pürli baglar, ýylyň ähli paslynda açylyp duran al-elwan güller, owadan suw çüwdürimli dynç alyş seýilgähleri, tämiz köçeler, şaýollar sagdyn durmuşda, belent ruhda ýaşamaga mümkinçilik döredýär.

Lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, paýtagt şäherimizde ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýän täze, döwrebap lukmançylyk merkezleri yzygiderli gurulýar. Ine, ýakynda, 14-nji noýabrda hem hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşmagynyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda täze gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen hem gyzyklandy.

Mähri ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.