Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

22 Noýabr 2023
486

Hormatly Prezidentimiziň ähli özgertmeleriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň özenini döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Ajaýyp zamanamyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmegini gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu ugurda köptaraplaýyn tutumly işleriň amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyz sportuň ösýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan ýurduna öwrüldi.  

Ösüş-özgerişliklere beslenýän zamanamyzda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri jemgyýetimize peýdaly, ylymly-bilimli, arassa ahlakly adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatynyň yhlasly zähmetine bagly. Jemgyýetimizde berk bedenli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek hemmämiziň jogapkärçiligimizi artdyrýar. Şundan ugur alyp, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmagyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak maksady bilen, olaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar. Şeýle çäreler oňyn netijesini hem berýär.

Tagangylyç MEREDOW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Bereket etrap şahamçasynyň wekili.