Baş baýlygymyz

22 Noýabr 2023
478

Ata Watanymyzda halkymyzyň abadan hem bolelin ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, berk bedenli we sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Ynsan saglygy ähli zatdan belentde tutulýan döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanýar. Bu barada amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sporta we bedenterbiýä bolan höwes barha artýar.

Şöhrata beslenýän döwrümizde biziň — ýaşlaryň sagdyn hem ruhubelent, maksada okgunly, kämil adamlar bolup ýetişmegimizde geçirilýän sport çäreleriniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki, saglyk bagtyýar durmuşyň kepilidir. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ynsan saglygyny goramakda lukmançylyk ylmyna esaslanyp, dünýä lukmançylygynda gazanan tejribelere laýyk wezipeleri özünde jemleýär.

Amantagan GURBANBERDIÝEWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.