Göwün guşumyzy ganatlandyrdy

7 Noýabr 2023
753

Berkarar döwletimizde ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işler hemişe ünsde saklanylýar. Netijede, gysga wagtyň içinde paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygy goraýyş we dikeldiş merkezleriniň köp sanlysy gurlup, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň çägindäki şypaly çeşmeleriň suwunyň we palçygynyň adam saglygyny dikeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bolsa her bir adam üçin gymmatly gollanmadyr.

Şypaly çeşmeleriň suwy — Allatagalanyň ynsana eçilen peşgeşi. Hut şonuň üçin-de olaryň bar ýerinde gurlan şypahanalaryň gelim-gidimi egsilmeýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenmeli binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanşyp, bu ýerde saglygyny berkidýän ildeşlerimiz üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda şypahananyň çägini giňeltmek, degişli binalaryň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak, Saglyk ýolunyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, mineral suwuň mümkinçiliklerini ylmy taýdan öwrenmek, çagalar üçin oýun meýdançalaryny döretmek barada giňişleýin gürrüň edildi.

Gurbanguly GAROWOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.