Geçmişe sarpa, milli gymmatlyklara hormat

23 Oktýabr 2023
620

Pekinde geçirilen üçünji ýokary derejeli halkara forumyň çäklerinde öz beýanyny tapdy

Hytaý iň köp ilatly, gadymy medeniýetli ýurtlaryň biri. Taryhdan mälim bolşy ýaly, bilermenler bu ýurduň medeni taryhynyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda hytaýlylar öz ýurduny «Gülleýän merkez» diýip atlandyrýarlar. Bu dostlukly ýurduň barha artýan ykdysady mümkinçilikleri muny doly tassyklaýar. Islendik ugurda zähmetiň gaýnap joşýan Watany bolan Hytaý zähmetsöýerligiň hem mekany. Zähmet çekmegi söýýän halkyň Watanynyň beýik boljakdygy, elbetde, şübhesizdir. Pekiniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uzyn köçeleri bilen barýarkaň, muňa doly göz ýetirýäň. Her kim öz işi bilen gümra. Kimsi tigirli nirädir bir ýerlere haýdap barýandyr, ýene biri ýeňil ulagda sanýetmez mähelläniň içine siňip gidendir.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.