Milli gymmatlyklar — umumadamzat baýlygy

23 Oktýabr 2023
470

Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklary köpasyrlyk taryha eýedir. Şol döwrüň tutuş dowamynda iki halkyň arasynda özara düşünişmegiň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň ýakynlaşmagynyň baý tejribesi toplandy. Biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda üçin köpri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, medeni gatnaşyklar üçin hem ýol açdy. Bu täsin tejribäniň mirasdüşerleri, dowam etdirijileri bolan Türkmenistan we Hytaý häzirki şertlerde hyzmatdaşlygy ösdürmekde, gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda köpugurly tagalla edýärler.

Iki ýurduň arasyndaky özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýetilen belent derejesi örän buýsandyryjydyr. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýlup, ygtybarly hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama Türkmenistan bilen Hytaýyň täze taryhy döwürdäki gatnaşyklarynyň daýanç sütünini emele getirip, oňa baý many-mazmun berýär. Ynha, şu ýyl — bu taryhy resminama gol çekilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý täze taryhy döwürdäki Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyran bolsa, ýakynda, 17 — 19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtda iş saparynda boldy. Saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli forumyna gatnaşyp, onuň çäginde özara baglanyşyk boýunça maslahatda çuňňur manyly çykyş etdi, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Milli Liderimiziň Pekine maşgalasy we agtyklary bilen gelmegi bolsa barha berkeýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüldi.

Maral KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.