13-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.
Bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak halkymyzda hemişe asylly, sogaply işler hasaplanypdyr. Şol gadymy dessurlarymyz häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karara gol çekmegi bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynda iş alyp barjak potratçylar belli boldy.