Balyň peýdasy

17 Oktýabr 2023
856

Gadymyýetiň akyldarlary we lukmanlary ynsan ömrüniň uzaldylmagynda balyň ähmiýetiniň biçak uludygyny belläp geçipdirler. Statistiki maglumatlara görä, balçylar beýleki hünärdäki adamlardan köp ýaşaýarlar, seýrek syrkawlaýarlar, iş ukybyny uzak wagtlap saklaýarlar. Şu ýerde ýene bir bellemeli möhüm zat — balçylar hiç haçan düwnük keseli bilen kesellemeýärler. Munuň sebäbini alymlar şeýle düşündirýärler: birinjiden, balary idedilýän ýeriň özboluşly mikroklimaty bar. Bu bolsa ynsan bedeniniň bekemegine ýaramly täsir edýär. Bu ýeriň howasy diňe bir arassa bolman, eýsem, jana şypa beriji hasaplanýar. Gülleriň, balyň, mumuň, gül tozgajygynyň ysyna eýlenen howadan dem alýan balçy ýadawlyk duýmaýar. Jana ýaramly howa adam bedenindäki ähli ýagdaýlary sazlaýjy wezipesini ýerine ýetirýän beýniniň bardasyna oňaýly täsir edýär.

Geçmişde yzygiderli bal iýip, uzak ýaşa ýetenleriň sany ýüzlerçe, müňlerçe. Balary idedijiler Mejit Adtem we Wera Minkina 101, Ýurdal Akima 103, Maksim Medow 105, Ajy Amet 106, Fýodor Fionow 115, Artýom Lagnaşwili 150 ýaşapdyrlar. 144 ýaşan Wasiliý Tişkin, 130 ýaşan Foma Wožnýak, 166 ýaşan Gunakbeý Gaziýew, 147 ýaşan Hansimurad Dadaýew, 150 ýaşan Mahmyt Eýwazow bal tutmak bilen meşgullanypdyrlar. Wasiliý Tişkine 143 ýaşyndaka kliniki taýdan barlag geçirilende, onuň gan basyşy simap sütüniniň 110/63 mm-ne barabar bolupdyr. Balary idediji, 150 ýaşly Mahmyt Eýwazow arassa howada zähmet çekmegi ömrüňi uzaltmagyň iň gowy usuly hasaplapdyr.

(Ýörite habarçymyz).