Pasla görä geýinmeli we iýmitlenmeli

16 Oktýabr 2023
755

Güýz — ähli şahyrlaryň ünsüni özüne çekýän pasyl. Altyn çaýylan güýzde tebigat owadan bolýar. Howa salkynlaşýar. Babadaýhanlar giň meýdanlardan bereketli hasyly ýygnaýarlar. Okuwa, işe gatnaýanlar biraz ýylyjak geýimlerini geýip başlaýarlar. Her gün irden ertirlikde limonly çaý, gyzgynjak süýt içmek jana hoş ýakýar. Gyzgyn tomusdan soňra güýzüň soňky günleri öňdäki gyşyň sowuk howasyny mälim edýär. Bu bolsa, eziz çagalar, uly nesliň we lukmanlaryň aýdyşy ýaly, pasla görä geýinmegi hem-de iýmitlenmegi talap edýär.

Güýzde irden howa salkyn bolsa-da, soňra kem-kem gyzyp başlaýar. Howanyň şeýle üýtgäp durmagy sebäpli pasyl çalşygy döwründe, köplenç, dümewe duçar bolýarys. Şol sebäpli pasla görä geýinmek möhümdir. Irden öýden çykylanda hökman ýeňilräk, ýyly eşik geýnip çykmaly.

Annamyrat AKYÝEW,
«Saglyk» žurnalynyň bölüm redaktory.