«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Digital Bridge — 2023» tehnoforumyna gatnaşdy

15 Oktýabr 2023
520

Astanada geçirilen «Digital Bridge — 2023» tehnologiki forumyna dünýäniň 30 ýurdundan 20 müňden gowrak wekil we 300-e golaý IT kompaniýa, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem gatnaşdy.

 Sanly ulgamyň we emeli intellektiň, ylmy we tehnologiki ideýalaryň işlenip taýýarlanmagyna we girizilmegine bagyşlanan bu ýokary derejeli foruma Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem geldi. Ol öz çykyşynda soňky ýyllarda «Digital-Bridge»-iň Merkezi Aziýanyň IT senagatyndaky häzirki we geljekki ösüş ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ägirt uly meýdança öwrülendigini belledi.

Çeşme: tmcell.tm