Ibn Sinanyň eserlerinde pelsepäniň umumy häsiýeti

14 Oktýabr 2023
554

Hidaýet PEKER,
Türkiýe Respublikasynyň Uludag uniwersitetiniň professory.

Orta asyr yslam pelsepesiniň taryhynda iň meşhur filosoflaryň biri bolan Ibn Sina yslamdan soňky döwürlerde öňe süren pikirleri we olaryň esasynda ýazylan eserleri bilen mynasyp yz goýan alymlaryň biridir. Orta asyr yslam pelsepesi, pelsepäniň dürli düzgünlerini düýpgöter başga salgylanmalara esaslanyp, jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylan filosofik tejribäni görkezýär. Ibn Sinanyň bu ugurda möhüm orny eýeleýän, iň görnükli akyldar bolandygy şübhesiz hakykatdyr. Onuň yslam pelsepesiniň taryhyndaky ähmiýeti, bir tarapdan, filosofiýa ulgamynda dürli salgylanmalary özara birleşdirmeginden, beýleki tarapdan bolsa muny stil we usul taýdan işlemeginden gelip çykýar. Şol sebäpden, Ibn Sina Gündogarda-da, Günbatarda-da iň meşhur akyldardyr. Munuň şeýledigini Lukman Hekimden soň yslam filosofiýasynda onuň pelsepesine ters gelýän esasy tezislerde-de görmek bolýar. Dürli ugurlarda intellektual işler bilen meşgullanan akyldarlaryň pikirlerine we filosofiýasyna has oňat düşünmek maksady bilen ýazylan teswirlerde-de şol täsiri duýmak mümkin.